Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy
Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümde 25 adam ýogaldy
Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, şahsyýetleri entek anyklanyp bilinmedik ýaragly adamlar ýurduň Togo serhedindäki Bittou şäheriniň golaýynda terrorçylykly hüjüm guradylar.
Wakada 25 adam ýogaldy, 10 adam hem ýaralandy.
Burkina-Fasoda 2015-nji ýylda başdan geçirilen howpsuzlyk krizisiniň netijesinde 2 milliondan gowrak adam öz ýaşaýan öýlerini terk etmäge mejbur galdy. Hökümet tarapyndan berilen maglumata görä şol adamlaryň diňe 120 müňe yzyna gaýdyp geldi.
Ýurduň Premýer ministri Apolliner Ioahimson Kýelem de Tambela maý aýynda beren beýanatynda, ýurduň territoriýasynyň 65 göteriminiň döwletiň gözegçiligi astyndadygyny habar beripdi.
Degişli Habarlar
Katolikleriň Ruhani Lideri Eýrana Gynanç Bildirdi
Papa Fransisk, Hamaneýe heläkçilikde ýogalanlar üçin gynanç bildirýändigini aýtdy.