Pakistanda Bolan Otly Heläkçiliginde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Ýolagçy otlysynyň relýesden çykmagy sebäpli 28 adam ýogaldy, 50 adam ýaralandy.

2020892
Pakistanda Bolan Otly Heläkçiliginde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Pakistanyň Nawabşah şäheriniň golaýynda ýolagçy otlysynyň relýesden çykmagy sebäpli 28 adam ýogaldy, 50 adam ýaralandy.

Pakistanyň Demir ýollarynyň başlygy Saas Rafik, Karaçiden Rawalpindä tarap barýan Hazara Expressi atly ýolagçy otlysynyň 10 wagonynyň Nawabşah şäheriniň golaýynda relýesden çykandygyny mälim etdi.

Rafik otly heläkçiliginde häzire çenli 28 adamyň ýogalandygyny, 50 adamyň ýaralanandygyny belledi.

Otlynyň ýolagçylarynyň sany hakynda hiç hili maglumat berilmedi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigini mälim etdi.

Pakistanda 2021-nji ýylyň iýun aýynda iki otlynyň kakyşmagy sebäpli 63 ýolagçy ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar