Pakistanda Bolan Otly Heläkçiliginde Ýogalanlaryň Sany 30 Adama Ýetdi

Premýer-ministr Şahbaz Şerif, otly heläkçiliginde ýogalanlara Alladan rehnet diledi.

2021143
Pakistanda Bolan Otly Heläkçiliginde Ýogalanlaryň Sany 30 Adama Ýetdi

Pakistanyň Nawabşah şäheriniň golaýynda ýolagçy otlysynyň relýesden çykmagy sebäpli 30 adam ýogaldy, 90 adam ýaralandy.

Pakistanyň Demir ýollarynyň başlygy Saas Rafik, Karaçiden Rawalpindä tarap barýan Hazara Expressi atly ýolagçy otlysynyň 10 wagonynyň Nawabşah şäheriniň golaýynda relýesden çykandygyny mälim etdi.

Rafik otly heläkçiliginde häzire çenli 30 adamyň ýogalandygyny, 90 adamyň ýaralanandygyny belledi.

Otlynyň ýolagçylarynyň sany hakynda hiç hili maglumat berilmedi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigini mälim etdi.

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Penjap sebitinde eden çykyşynda, otly heläkçiliginde ýogalanlara Alladan rehnet diledi.

Premýer-ministr Şerif, “Heläkçilikde ýogalanlara Alladan rehnet dileýärin, ýatan ýerleri ýagty bolsun. Ýaralananlara hem gyssagly şypa dileýärin” diýdi.

Pakistanda 2021-nji ýylyň iýun aýynda iki otlynyň kakyşmagy sebäpli 63 ýolagçy ýogalypdy.

 

 



Degişli Habarlar