Okeanda ýiten ýaş oglan takmynan 35 sagat soň tapyldy

ABŞ-nyň Florida ştatynda kiçiräk gaýygy bilen Atlantik okeanynda ýiten ýaş oglan takmynan 35 sagat soň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan tapyldy

2021288
Okeanda ýiten ýaş oglan takmynan 35 sagat soň tapyldy

ABŞ-nyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan 5-nji awgustda berilen beýanata görä, 25 ýaşyndaky Çarlz Gregori anna güni agşam kiçiräk gaýygy bilen Atlantik okeanyna çykdy we agşam yzyna gaýdyp gelmändigi sebäpli özlerine ýitendigi barada habar berildi. 

Kenarýaka howpsuzlyk gullugy Florida ştatynyň Atlantik okeanynyň suw giňişliginde howadan we deňizden geçirilen gözleg we halas ediş işlerinde, 5-nji awgustda anna güni Çarlz Gregorini ýarsyna çenli suw basan gaýykda diri ýagdaýda tapdy. 

Resmiler Çarlz Gregoriniň uzak wagtlap suwuň içinde galmagyna garamazdan hiç hili bejergä mätäç bolmandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar