Germaniýadan Müsüre Awtoulag Alyp Barýan Gämi Ýanmaga Dowam Edýär

Germaniýadan Müsüre 3 müňe barabar awtoulag alyp barýan ýük gämisinde 24-nji iýulda başlan ýangyn henize çenli söndürilip bilinmedi.

2019362
Germaniýadan Müsüre Awtoulag Alyp Barýan Gämi Ýanmaga Dowam Edýär

Ýerli metbugatyň habar bermegine görä Gollandiýanyň Ameland adasynyň ýalpaklarynda “Fremantle Higwaý Flower” atly ýük gämisinde 24-nji iýulda başlan ýangyn dowam edýär.

Germaniýanyň Bremewerhawen şäherinde Müsüre tarap uğran gäminiň düýn gije zynjyryndan sypyp, nemes suw giňişligine tarap süýrenmäge başlanandygy, ýagdaýyň gaýtadan gözegçilik astyna alynandygy habar berildi.

25 sanysy alektromobil, jemi 3 müňe barabar awtoulag ýüklenen gämä, söndüriş suwu ulanan halatynda agdarylma howpunyň abanýandygy sebäpli çäre görülip bilinmeýändigi beýan edildi.

Gämi agdarylan halatynda suwa ýangyjyň akjakdygy we onuň hem agyr daşky gurşaw betbagtçylygyna sebäp bolup biljekdigi aýdylýar.

Ýük gämisiniň golaýynda 8 sany halas ediş gämisiniň bardygy habar berildi.

Bütindünýä Deňizçilik guramasy wakanyn agyr daşky gurşaw betbagtçylygyna öwrülmezligi üçin görülen howpsuzlyk çärelerini seljerýän bolsa, köp sanly daşky gurşaw guramasy hem waka bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Ýangynda 1 adam ýogalypdy, 22 adam bolsa ýeňil ýaralanypdy.



Degişli Habarlar