Eýran Owgan Hökümetine Reaksiýa Bildirdi

Eýranyň Daşarky gurşaw edarasynyň Başlygy Ali Salajaka Owganystanyň hökümetiniň Eýrana ýylda 850 million litr suw goýbermegiň ýerine, iňňän az mukdarda suw berendigini aýtdy.

2019389
Eýran Owgan Hökümetine Reaksiýa Bildirdi

Eýranly talyplar habarlar gullugynyň (İSNA) mälim etmegine göra ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama beren Salajaka, ýurdunyň suw hukugyny bermeýandigi sebäpli Owganystandaky Taliban hökümetini tankyt etdi.

Eýranly döwlet resmisi; “Owganystany dolandyrýanlar Harirus suw şertnamasyny kabul edýändiklerini aýdan hem bolsalar, iş ýüzünde 850 million litr suwuň ýerine 15 million suw akdyryldy” diýdi.

Mesele boýunça maslahat geçirilmegi boýunça berilen çağyryşlara jogap berilmändigini beýan eden Salajaka, Owganystandaky suw bentlerinde ýeterlik mukdarda suwuň bardygyny öňe sürdi.

Salajaka Talibandan Eýranyň suw hukugyny Kemal Han bendi we Harirud derýalary arkaly Bermeklerine garaşýandyklaryny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar