Ukrainada Gumanitar Şertler Agyrlaşýar

BMG-niň Ukraina ynsanperwer kömek boýunça Utgaşdyryjysy Denise Brown Ukrainada soňky hüjümlerden soň asuda ilatdan kömege zerurlyk duýýanlaryň sanynyň artandygyny, gumanitar şertleriň hasam agyrlaşandygyny aýtdy.

2018706
Ukrainada Gumanitar Şertler Agyrlaşýar

Brown BMG-niň Nýu-Ýorkda Ştab kwartirasynda geçirilen metbugat ýygnagyna onlaýn formatda gatnaşyp, žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Ukraina geçen hepde sapar edendigini aýdan Brown, Odessa we Mykolaýew şäherlerinde “Rus hüjümleri sebäpli çekilen ýitginiň agyrdygyny” gürrüň berdi.

Esasanda Odessanyň BMG-niň ynsanperwer kömekleriniň sebite ýetirilmegi üçin iňňän möhümdigini we şäherde BMG-niň köp sanly işgäriniň bardygyny beýan eden Brown, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda guralan hüjümlerde Odessa portunyň we BMG-niň şäheriň merkezinde ýerleşýän ofisine birnäçe metr golaýyndaky katedralyň nyşana alynandygyny mälim etdi.

BMG-niň Utgaşdyryjysy Ukrainada harby däl maksatlar üçin peýdalanylýan infrastrukturanyň nyşana alynmagynyň Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň bes edilmeginiň “yz ýanynda guralandygyny” ünsi çekdi.

Denise Brown galla ylalaşygy hakynda; “Ol iki tarap üçin hem halas edijidi. Dünýäniň ähli ýerindäki aç adamlar we ukrain daýhanlary üçin halasgärdi” diýdi.

Brown Ukrainada howanyň sowaýandygyna ünsi çekip, kömege mätäç ilatynyň sanynyň artjakdygyny, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 3,9 milliard dollar serişdäniň gerek boljakdygyny nygtady.



Degişli Habarlar