Russiýa Bilen Moldowanyň Arasynda Dipolomatik Dartgynlyk…

Russiýanyň Moldowadaky ilçihanasy, awgust aýyndan başlap konsullugyň işlerini bes eder

2018134
Russiýa Bilen Moldowanyň Arasynda Dipolomatik Dartgynlyk…

Moldowa, Russiýanyň 15-nji awgustdan başlap ýurtdaky diplomatlarynyň sanynyň 80-den 25-e düşürülmegi baradaky kararyndan soň Russiýanyň Moldowadaky ilçihanasy konsullygyň işlerini bes etdi

Ilçihana tarapyndan berlen beýannamada, “tehniki näsazlyk” sebäpli konsullygyň işleriniň 5-nji awgustdan başlap bes ediljekdigi nygtaly.

Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Zahahrow, rus diplomatlaryň islenmeýän adam hökmünde yglan edilmändigini nygtap “Diňe deň hukuklygyň ýola goýulmagy üçin ýurdy terk etmekleri islenýär” diýildi.

Moldowa, Russiýanyň diplomatlaryň sanynyň azaldylmagy hakyndaky kararyndan we Russiýanyň Moldowadaky ilçihanasyna birnäçe antenna ýerleşdirendigi sebäpli şeýle karar kabul etdi.


Etiketkalar: #konsullyk , #ilçihana , #Moldowa

Degişli Habarlar