Peskow Ukrainanyň Russiýa guraýan hüjümleri barada beýannama berdi

Dmitriý Peskow paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi

2018407
Peskow Ukrainanyň Russiýa guraýan hüjümleri barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Ukrainanyň Russiýadaky raýat infrastrukturasyna garşy hüjümler gurandygyny belläp: "Kiýew režimi terrorçylykly hüjüm taktikalaryny ulanýar" diýip nygtady. 

Dmitriý Peskow paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi. 

Russiýanyň Saud Arabystanynda Ukraina krizisiniň çözüwi bilen baglanşykly geçirilmegi meýilleşdirilen maslahat bilen ýakyndan gyzyklanjakdyklaryny aýdan Peskow: "Resmi Kiýewiň häzirki çemeleşmesi bilen parahatçylyk ylalaşygyny gazanmak mümkinmi? Jogap açyk ýagdaýda ýok. Onuň üçin zerur bolan şertler ýok. Resmi Kiýew, diňe Günbataryň Russiýa garşy uruşynda bir enjam hökmünde ulanylýarka parahatçylyk islänok we isläp hem bilmez" diýip belledi. 

Ukrainanyň garşylyklaýyn çozuşyny dowam etdirýändigini, emma hiç hili üstünlik gazanyp bilmeýändigini aýdan Peskow, Russiýanyň tapawutly sebitlerine guralýan hüjümleriň terrorçylykly aksiýalardygyny belläp: "Bu hüjümler, şowsuzlykdan dörän umytsyzlyk hereketleridir. Kiýew režimi terrorçylykly hüjüm taktikalaryny ulanýar. Bu ýürek bulandyryjy we oňa garşy söweşmäge dowam ederis" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar