Nýu-Ýorkda bosgunlar bilen bagly çäklendirmeler girizildi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde bosgunlaryň gaçybatalga merkezlerinde galyp biljek möhletleri çäklendirildi

2017787
Nýu-Ýorkda bosgunlar bilen bagly çäklendirmeler girizildi

The Hill gazediniň berýän habaryna görä Nýu-Ýork şäheriniň häkimligi şäherde ýaşaýan bosgunlaryň sanynyň artmagy we düşelgeleriň ýeterlik derejede bolmandygy sebäpli, uly ýaşly bosgunlaryň gaçybatalga merkezlerinde galyp biljek möhletlerine çäklendirme girizmek barada karar kabul etdi. 

Bosunlaryň galyp biljek ýerlerini üpjün etmek babatynda kynçylyklar başlaryndan geçirýändiklerini aýdan Nýu-Ýorkyň şäher häkimi Erik Adams, gaçybatalga merkezlerinde galýan uly ýaşly bosgunlara alternatiwa tapmaklary üçin 60 gün möhlet beriljekdigini mälim etdi. 

Karardan soň bosgunlar Manhettendäki Ruzwelt myhmanhanasynyň daşynda garaşýan mahallary görüldi. 


Etiketkalar: #bosgun , #Nýu-Ýork

Degişli Habarlar