ABŞ, NATO we Ukraina Gepleşikleri Kabul Etmeýar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Sankt Peterburgda geçirilen Russiýa-Afrika Sammitinde çykyş etdi.

2017482
ABŞ, NATO we Ukraina Gepleşikleri Kabul Etmeýar

Prezident Putin Ukraina meselesinin çözülmegi üçin gepleşikleriň geçirilmelidigini beýan edip; “Hemmeler üçin deň derejeli bolan howpsuzlyk meselelerinde gepleşik geçirmegi kabul etmeýärler. Ukrainanyň hökümeti hem gepleşik geçirmegi kabul etmeýär” diýdi.

Ukraina meselesiniň çözülmegi üçin gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çeken Putin; “Meseleler gepleşikler arkaly çözülmeli, emma esasy mesele biziň bilen gepleşik geçirmegi kabul etmeýärler” diýdi.

Putin Ukraina söweşiniň Russiýanyň howpsuzlygyna abanýan wehimler sebäpli başlandygyny beýan edip; “Çaknyşyk ABŞ-nyň we NATO-nuň Russiýanyň howpsuzlygyna howp döretmegine esaslanýar we Russiýa bilen bilelikde hemmeler üçin deň derejeli howpsuzlyk meselelerinde gepleşik geçirmegi kabul etmeýärler. Ukraina ýa-da has dogrusy Ukrainanyň hökümeti hem gepleşik geçirmegi kabul etmeýär. Ony resmi taýdan beýan etdiler. Ukrainanyň Prezidenti bu barasynda gepleşikleri gadagan edýän karar çykardy” diýdi.



Degişli Habarlar