Britaniýa Bilen Türkiýäniň Gatnaşyklary Hemişekisinden Has Güýçli

Britaniýanyň Goranyş üpjünçiliginden jogapkär döwlet Ministri Jeýms Karlij ýurdy bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň hemişekisinden has güýçlüdigini beýan etdi.

2016695
Britaniýa Bilen Türkiýäniň Gatnaşyklary Hemişekisinden Has Güýçli

Britaniýanyň Goranmak ministrliginden berilen  beýannamada Karlijiň Stambulda Türk ýaragly güýçlerini güýçlendiriş gaznasy tarapyndan 16-njysy guralan Halkara goranyş senagaty sergisine baryp görendigi habar berildi.

Beýannamada Karlijiň sergide eksport mümkinçilikleri we goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlygy artyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Milli goranmak ministriniň orunbasary Jelal Sami Tüfekçi we Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy Haluk Görgün bilen duşuşandygy mälim edildi.

Duşuşyklarda enjam, eksport we umumy ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň şertleri bilen bilelikde beýleki meseleler boýunça pikir alyşylandygy, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň günsaýyn ösýäňdigi nygtalandygy beýan edildi.

Stambulda geçirilýän sergide geçirilen ministrleriň derejesindäki duşuşyklardan soň Britaniýa bilen Türkiýäniň arasynda goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depginini dowam etdirjekdigi bellenildi.

Beýannamada; “Türkiýe bilen awiasiýa, guryýer we deňiz uğurlaryny öz içine alýan güýçli we ösýän goranyş senagaty gatnaşygy açyldy. Esasanda Britaniýanyň senagaty “TF-X” harby uçarlaryny öndürmek üçin türk kärdeşleri bilen işleşmäge dowam edýär” diýdildi.

Beýannamada garaýyşlaryna orun berlen ministri Karlij bolsa; “Britaniýa-Türkiýe gatnaşyklary hemişekisinden has güýçli. Senagatlarymyz bilen durnukly goranyş hozmatdaşlygyny ýola goýduk we howpsuzlyk boýunça umumy meselelerimizi ara alyp maslahatlaşmaga dowam ederis. Milli goranmak ministriniň orunbasary Jelal Sami Tüfekçi we Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy Haluk Görgün bilen duşuşanyma hoşal we bu gatnaşyklary hasam ösdürmek isleýärin” diýdi.



Degişli Habarlar