Katar bilen Britaniýa Özara Hyzmatdaşlygy Ara Alyp Maslahatlaşdy

Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Jasim we Britaniýanyň Daşary işler ministri Jeýms Klewerly özara hyzmatdaşlyk we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşdy.

2016436
Katar bilen Britaniýa Özara Hyzmatdaşlygy Ara Alyp Maslahatlaşdy

Kataryň resmi habarlar gullugy “KNA-nyň” mälim etmegine görä Al Jasim resmi wekiliýet bilen Doha gelen Klewerlyny kabul etdi.

Duşuşykda esasanda gelejekdäki strategik dialog boýunça taýýarlyklar, özara gatnaşyklaryň degişli ugurlary seljerildi.

Şeýle hem duşuşykda Palestina meselesi bilen bagly wakalar, Siriýadaky we Owganystandaky ýagdaýlar, Eýran bilen ýadro ylalaşygy ýaly sebitleýin meselelerde pikir alyşyldy.

Taraplar “Ysraýylyň başdan geçirilýän dartgynlykda esasanda Günbatar Şeriýadaky ýagdaýyň agyrlaşmagyna alada bildirdirýändiklerini” nygtadarylar.

Klewerly Doha saparynda Kataryň ministrler kabinetiniň orunbasary we Goranmakdan jogap Döwlet ministri Halid bin Muhammed el-Atyýýe bilen hem duşuşdy.

Klewerly Katardan soň Kuweýte we Iordaniýa barar.



Degişli Habarlar