Paşinýan Azerbaýjan Bilen Gepeşikleriň Netijeli Geçmegini Isleýär

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Azerbaýjan bilen ýurdunyň arasyndaky gepleşikleriň netijeli gutarmagyny isleýändiklerini aýtdy.

2016214
Paşinýan Azerbaýjan Bilen Gepeşikleriň Netijeli Geçmegini Isleýär

Paşinýan Ermenistanyň paýtagty Ýerawanda geçiren metbugat ýygnagynda Azerbaýjan bilen ýaraşyk gepleşikleriniň we Türkiýe bilen gatnaşyklary kadalaşdyryş tapgyrynyň dowam edýändigini beýan etdi.

Dünýäde Garabagy Azerbaýjanyň territoriýasy hökmünde ykrar etmeýän ýeke-täk ýurduň ýokdugyna ünsi çeken Paşinýan, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Mins toparynyň hem Garabagyň Azerbaýjanyň hâkimiýetine degişlidigini ykrar edendigini ýatlatdy.

Halkara jemgyýetçiliginiň Garabag üçin gönüden çözgüt isleýändigine ünsi çeken Paşinýan, dünýade ýeke ýaşamaýandyklaryny, halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine görä hereket edilmelidigini aýtdy.

Paşinýan “Ermenistan uzak möhlet çaknyşyk ulgamynda ýaşap bilmez. Çörek, elektrik togy, ýol däl, döwletiň ýok bolmagyna çenli baryp bileris. Biz Ýewropa we Russiýa goňşy däl. Gruziýa, Azerbaýjan, Türkiýe we Eýran bilen goňşy. Meseleleriň çözgüdinde ilkinji nobatda bu meseläni göz öňünde tutmaga mejbur” diýid.

ABŞ-nyň ýaraşyk gepleşikleri boýunça başlangyçlaryna kanagatlanma bildirýändiklerini, Russiýanyň bu tapgyrda işjeňliginiň Ukraina meselesi sebäpli azalandygyny, ÝB bilen hem şertleriň şeýledigini beýan eden Paşinýan, meseläniň Russiýanyň ýa-da günbataryň bu tapgyrdan çykarylmagy däldigini we netije almak isleýändiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar