Indoneziýada gämi batdy

Indoneziýanyň Sulawesi adasynyň suw giňişliginde gereginden artykmaç ýolagçy alan gäminiň batmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 15 adam ýogaldy

2015371
Indoneziýada gämi batdy

Ýerli gözleg we halas ediş agentliginiň başlygy Muhammad Arafah gäminiň Sulawesi adasynyň günorta-gündogaryndaky Butin Sentral sebitinäki Lanto obasyndan Lagili obasyna tarap barýarka batandygyny habar berdi. 

Ýolagçy gämisiniň gereginden artykmaç ýolagçy daşandygy üçin batandygyny aýdan Muhammad Arafah, gämidäki 15 ýolagçynyň ýogalandygyny, 19 adamyň hem dereksiz ýitendigini mälim etdi. 

Arafat gözleg we halas ediş toparlarynyň häzirki wagta çenli 6 adamy halas edendigini, dereksiz ýiten 19 adamyň bolsa gözleg işleriniň dowam edýändigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #ýolagçy , #gämi , #Indoneziýa

Degişli Habarlar