“Türkiýäniň Galla Geçelgesi Meselesinde Liderlik Rolyny Öz Üstüne Almagyna Garaşýarys”

Blinken, Gara deňiz galla geçelgesi meselesinde barada beýannama berdi

2014585
“Türkiýäniň Galla Geçelgesi Meselesinde Liderlik Rolyny Öz Üstüne Almagyna Garaşýarys”

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Türkiýäniň, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy meselesinde “ýaňadandan liderlik rolyny öz üstüne almagyna” garaşýandyklaryny aýtdy.

Blinken, Gara deňiz galla geçelgesi meselesinde barada beren beýannamasynda “Türkiýe, ilkinji etapda BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, ylalaşygyň gazanylmagynda uly rol oýnady”diýdi.

Blinken “Şol sebäpli hem Türkiýäniň ozalkysy ýaly dünýäniň çar tarapyndaky ynsanlar üçin azyk harytlarynyň nyrhlarynyň elýeterli bolmagy üçin ýaňadandan bu meselede liderlik rolyny öz üstüne almagyna garaşýarys” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Prezident R. T. Erdoganyň, galla geçelgesi meselesinde ozal Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen birnäçe gezek gepleşik geçirendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar