Ýaponiýa Demirgazyk Koreýany Protest Etdi

Ýaponiýanyň hökümeti Demirgazyk Koreýanyň şu gün irden atan iki ballistiki raketasyndan soň resmi Phenýana protest notasynyň berilendigini beýan etdi.

2013208
Ýaponiýa Demirgazyk Koreýany Protest Etdi

Ýaponiýanyň Goranmak ministri Hamada Ýasukazu beren beýannamasynda Demirgazyk Koreýanyň şu gün irden atan iki ballistiki raketasynyň her biriniň azyndan 600 kilometr ýol geçendigini we 50 kilometr belentlige ýetendigini mälim etdi.

Raketalaryň Koreý ýarym adasynyň gündogarynda, Ýaponiýa degişli ykdysady zolagyň daşyna düşendigini aýdan Hamada; “Raketalar durnuksyz orbitada uçan bolmaly. Seljeriş işlerimiz dowam edýär” diýdi.

Diplomatik ýollardan Demirgazyk Koreýa protest notasyny berendiklerini aýdan Hamada, raketalaryň düşen sebitindäki howa deňiz ulaglarynda haýsydyr bir ýitginiň anyklanmandygyny beýan etdi.

Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň Baş sekretary Matsuno Harikazu hem beýannamasynda raketa synaglarynyň BMG-niň kararlaryna bap gelmeýändigini we sebitdäki halklaryň howpsuzlygyna wehim salýandygyny aýtdy.

Ýaponiýanyň döwlet teleýaýlymy “NHK” Demirgazyk Koreýanyň ballistiki raketa tehnologiýasy arkaly şu ýyl 13-nji gezek raketa synagyny geçirendigini habar berdi.



Degişli Habarlar