Russiýasyz Galla Ylalaşygy Howply Bolar

Peskow žurnalistlere Ukrainanyň “Russiýasyz galla geçelgesini dowam etdirmek başlangyjy” hakynda beýannama berdi.

2013054
Russiýasyz Galla Ylalaşygy Howply Bolar

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýasyz galla geçelgesinde howplaryň boljakdygyny beýan edip, şol howplaryň öňüni haýsy ýurtlaryň aljakdygyny bilmeýändiklerini aýtdy.

Peskow žurnalistlere Ukrainanyň “Russiýasyz galla geçelgesini dowam etdirmek başlangyjy” hakynda beýannama berdi.

Bu meseläniň rus goşuny tarapyndan seljerilmelidigine ünsi çeken Peskow; “Gönüden söweş meýdanyna ýakyn sebit hakda aýdýarys. Degişli kepillikler bolmasa, ol ýerde belli howplar ýüze çykar. Şol sebäpli Russiýasyz bir zatlar ediljek bolsa, şol howplar kabul edilmeli. Bu ýerde biz haýsy ýurtlaryň şol howplary kabul etmäge näderejede taýýardygyny aýtmaga taýýar däl” diýdi.

Peskow bu sebitiň galla ylalaşygynyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin peýdalanylmagynyň her şertde howplydygyny beýan edip; “Bu sebitiň resmi Kiýew tarapyndan harby maksatlar üçin peýdalanyljakdygy äşgär. Bu hem ünsden düşürilmejek möhüm husus” diýdi.

Galla ylalaşygynyň şertleriniň iş ýüzüne geçirilmändigine garamazdan Russiýanyň borçlaryny berjaý edendigini nygtan Peskow, ylalaşyga goyl çekişilmeginde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterişiň pozisiýasyna we Ýewropa ýurtlaryny borçlaryny ýerine ýetirmäge razy etmek ugrundaky tagallalaryna kanagatlanma bildirýändiklerini aýtdy.

Peskow, galla ylalaşygyndan soň Ukrainanyň galla üpjünçiliginiň ýerine Russiýanyň yzagalak ýurtlara ýardamynyň dowam etjekdigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar