Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjümler guraldy
Burkina-Fasoda guralan 2 aýry terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy
Ýerli metbugatda berilen habarlara görä şahsyýetleri entek anyklanyp bilinmedik ýaragly adamlar Bukle dýu Muhun sebitiniň Kossi etrabynda hüjüm guradylar. Wakada 6 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.
Terrorçylaryň şol gün Kot-d'Iwuar serhediniň golaýyndaky Tondoura şäherçesine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy.
Burkina-Fasoda 2015-nji ýylda ýüze çykan howpsuzlyk krizisiniň netijesinde 2 milliondan gowrak adam öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur galdy. Hökümet tarapyndan berilen maglumata görä şolaryň diňe 120 müňi öz ýerlerine gaýdyp geldi.
Ýurduň Premýer ministri Apolliner Ioahimson Kýelem de Tambela maý aýynda beren beýanatynda, ýurduň territoriýasynyň 65 göteriminiň döwletiň gözegçiligindedigini beýan edipdi.
Degişli Habarlar
Russiýada Ýadro Türgenleşiginiň Birinji Tapgyry Başlady
Türgenleşige gipersonik “Kinžal” raketalary bilen üpjün edilen uçarlar hem gatnaşar
ÝB-niň Giňelmekden Jogapkär Ýolbaşçysy Türkiýede Saparda Bolar
Warhelýi resmi saparynyň çäginde 23-nji maýda Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşar.