Putin Krym köprüsine guralan hüjüme jogap berjekdiklerini aýtdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Krym köprüsine guralan hüjüme jogap berjekdiklerini mälim etdi

2012827
Putin Krym köprüsine guralan hüjüme jogap berjekdiklerini aýtdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Krym köprüsine guralan hüjüm bilen baglanşykly hökümet agzalary bilen maslahat geçirdi. 

Hüjümiň Ukraina tarapyndan guralandygyny aýdan Putin: "Bu resmi Kiýewiň başga bir terrorçylykly hüjümidir. Krym köprsüi harby operasiýalarda ulanylmaýandygy üçin, bigünä adamlaryň ölen rehimsiz hüjümiň olar üçin harby taýdan hiç hili manysy ýokdyr" diýip belledi. 

Russiýanyň ady agzalan hüjüme jogap berjekdigini aýdan Putin: "Elbetde Russiýadan bir jogap geler. Goranmak ministrligi laýyklykda teklipler bermäge taýarlyk görýär" diýip nygtady. 

Russiýanyň terrora garşy göreş komiteti, Krym köprüsine Ukraina degişli 2 sürüjisiz deňiz ulagy bilen hüjüm guralandygyny habar beripdi. 

Hüjüm sebäpli köpri ulaglara ýapylypdy. 



Degişli Habarlar