Kanadada we Ispaniýada tokaý ýangynlary dowam edýär

Kanadada dowam edýän tokaý ýangynlarynda ýogalan ýangyn söndürijileriň sany 2 adama ýetdi

2012157
Kanadada we Ispaniýada tokaý ýangynlary dowam edýär
ispanya orman yangini.jpg
kanada yangin.jpg

Demirgazyk-günbatar territoriýalar ştatynyň Tokaý ýangynyna garşy bölümiň resmisi Jessika Dewi-Kuantik 1 ýangyn söndürijiniň ştatyň Ford Liard sebitindäki ýangyna garşy göreş alyp barýarka ýaralanandygyny, edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmändigini habar berdi. 

Fort Liard sebitinde ýogalan ýangyn söndüriji bilen birlikde bu hepde Kanadada iş alyp barýan mahaly ýogalan 2-nji ýangyn söndüriji boldy. 

Kanadada soňky gezek 1989-njy ýylyň aprel-sentýabr aýlaryny öz içine alýan ýangyn möwsüminde takmynan 7,6 million gektarlyk tokaý zolagy ýanan bolsa, şu ýyl ýangyn möwsüminiň tamamlanmazlygyna garamazdan häzirki wagta çenli 10 million gektarlyk tokaý ýandy. 

Resmiler tarapyndan berilen maglumata görä gurak howa we ýokary temperatura sebäpli tokaý ýangynlary möhletinden ir başlady we ýurt derejesinde häzirki wagta çenli 880 aýry ýangyn boldy. 

Ispaniýada tomus möwsüminiň ilkinji uly tokaý ýangynynyň başlan Kanar adalary toparyndan La Palmada 4 müňden gowrak adam öýlerinden howpsuz ýerlere göçürildi. 

La Palma adasynda 14-nji iýulda başlan we häzirki wagtda hem gözegçilik astyna alynyp bilinmeýän ýangynda 5 müň gektardan gowrak tokaý meýdany kül boldy. 



Degişli Habarlar