Hindistanyň Premýer-ministri Fransiýada Saparda Bolýar

Modi paýtagt Parižde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Elysse köşgünde duşuşdy.

2011740
Hindistanyň Premýer-ministri Fransiýada Saparda Bolýar

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi resmi sapar bilen Fransiýa bardy.

Premýer-ministri Modi paýtagt Parižde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Elysse köşgünde duşuşdy.

Özara duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Makron, Fransiýa bilen Hindistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini aýtdy.

Makron, Hindi goşunlarynyň Y Jahan urşunda fransuzlar bilen birlikde söweşendigini ýatlatdy.

Emmanuel Makron, halkara krizisleriň çözülmegi üçin Fransiýa bilen Hindistanyň ýakyndan gatnaşyk etmäge dowam etjekdigini belledi.

Fransiýanyň Prezidenti Makron, Hindistanyň ýurdunyň Aziýada söwda taýdan ýakyndan gatnaşyk edýän 2-nji ýurdydygyny ýatlatdy

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar