Aliýew, Paşinýan we Mişel  Ertir Brýusselde Duşuşar

Paşinýan, 15-nji iýulda Brýusselde Aliýew we Mişel bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirjekdigini aýtdy.

2011072
Aliýew, Paşinýan we Mişel  Ertir Brýusselde Duşuşar

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel bilen Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşjakdygyny mälim etdi.

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama beren Paşinýan, 15-nji iýulda Brýusselde Aliýew we Mişel bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirjekdigini aýtdy.

Paşinýan duşuşykda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda baglaşyljak parahatçylyk şertnamasy gepleşiklerinde öňe gidişlik edilmegini umyd edýändigini belledi.

Aliýew, Paşinýan we Mişel, 14-nji maýda Brýusselde üçtaraplaýyn duşuşyk geçiripdi. 1-nji iýunda bolsa Moldowada geçirlen Ýewropa maslahatynyň çäginde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň gatnaşmagynda bäştaraplaýyn duşuşyk geçiripdi.



Degişli Habarlar