Ispaniýa Türkiyäniň ÝB-ne agzalyk tapgyryna goldaw berer

Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes Türkiyäniň Ýewropa Bileleşigine agzalyk tapgyryna goldaw berjekdigi barada söz berdi

2010643
Ispaniýa Türkiyäniň ÝB-ne agzalyk tapgyryna goldaw berer

Litwada geçirilen NATO sammitinde Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçiren Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, geçirilen metbugat ýygnagynda ady agzalan duşuşygyň üstünde durup geçdi. 

ÝB-niň döwürleýin başlyklygyny ýylyň ahyryna çenli dowam etdirjek Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes bu döwürde ÝB-ne agzalyk tapgyrynda Türkiyäni gyzyklandyrýan meseleleri gün tertibe getirjekdikleri barada Prezident Erdogana söz berendigini mälim etdi. 

"Türkiyäniň özüni ÝB-ne has uzak däl, has ýakyn duýmagyny üpjün etmek üçin üstümizdäki aýlarda nähili ädimler edip biljekdigimizi anyk görmelidiris" diýip aýdan Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes Türkiyäniň ilki bilen talap eden wiza erkinligi we Gümrük Bileleşigi ylalaşygynyň düzgünleşdirilmegi meselelerine Ispaniýa hökmünde hemişe oňyn çemeleşendiklerini habar berdi. 

Pedro Sançes Ispaniýanyň ÝB-niň içinde ýeke başyna karar berip bilmejekdigini, emma ÝB-niň döwürleýin başlyklygy zamanynda Türkiyäni gyzyklandyrýan şol iki meseläniň gün tertibe getirilmegi üçin ellerinden gelen ähli zady etjekdiklerini aýan etdi. 


Etiketkalar: #goldaw , #ÝB , #Türkiye , #Ispaniýa

Degişli Habarlar