Fransiýa, Ukraina Raketa Berer

Makron, Ukraina uzak aralykly täze rekatalaryň beriljekigini aýtdy.

2009906
Fransiýa, Ukraina Raketa Berer

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ukraina uzak aralykly täze rekatalaryň beriljekigini aýtdy.

NATO-niň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Litwanyň paýtagty Wilnýusa giden Makron, Şwesiýanyň NATO agzalygy meslesinde Türkiýe bilen gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi.

Fransiýanyň Ukraina-Russiýa söweşiniň başlan gününden bäri NATO-nyň gündogar ganadynda harby güýjüni artdyrandygyna ünsi çeken Makron, 1000 fransuz esgeriniň Ruminiýada, 300 esgeriň hem Estoniýada iş alyp barýandygyny belledi.

Emmanuel Makron, Ukraina uzak aralykly täze raketalaryň beriljekdigini aýtdy.

Ukraina goşmaça ýarag we harby enjam berjekdiklerini aýdan Makron, Russiýanyň bu söweşde ýeňiş gazanmaly däldigini nygtady.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Fransiýanyň Ukraina SCALP kysymly raketa ugratjakdygyny habar berdi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar