ABŞ, Türkiýä F-16 Uçarlarynyň Satylmagyna Goldaw Berýär

Miller, “Birnäçe wagtdan bäri Türkiýä F-16 uçarlarynyň satylmagyna goldaw berýändigimizi açyk aýdyň beýan edýäris” diýdi

2009528
ABŞ, Türkiýä F-16 Uçarlarynyň Satylmagyna Goldaw Berýär

ABŞ, Türkiýä F-16 harby uçarlarynyň satylmagyna goldaw berýändiklerini mälim etdi.

Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Miller, metbugata beren beýannamasynda Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen F-16 uçarlarynyň satuwy meselesiniň biri-birinden tapawutlydygyny nygtady.

Miller, “Birnäçe wagtdan bäri Türkiýä F-16 uçarlarynyň satylmagyna goldaw berýändigimizi açyk aýdyň beýan edýäris” diýdi.

Şwesiýanyň NATO agzalyk meselesinde Türkiýäniň aladalaryny ortadan aýyrmak üçin, “konstitutsiýa üýtgetme girizendigini, täze kanun çykaryp terrorçylary tussag edendigini we iş gozgamaga dowam edýändigini” aýdan Miller, bularyň Türkiýäniň aladalarynyň ortadan aýrylmagy üçin ýeterlikdigine ynanýandygyny belledi.

“Türkiýeli ýolbaşçylar bilen geçirilýän gepleşikleriň dowam etjekdigini” nygtan ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Miller, Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň soňky 5-6 günde üç gezek Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar