Ukrainanyň Döwlet baştutany Gara deňizdäki Ýylan adasynda saparda boldy

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Gara deňizdäki Ýylan adasynda saparda bolandygyny habar berdi

2008743
Ukrainanyň Döwlet baştutany Gara deňizdäki Ýylan adasynda saparda boldy

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýa-Ukraina uruşynyň başlamagyna 500 gün dolandygyny belledi. 

Ýylan adasynda saparda bolandygyny aýdan Wladimir Zelenskiý, adany "Azat Ukrainanyň azat adasy" hökmünde häsýetlendirdi. 

Wladimir Zelenskiý: "Bu ýerde basyp alyjylara garşy söweşen adamlara minnetdarlyk bildirýärin. Giň gerimli uruşyň iň möhüm söweşlerinden biri bolan bu söweşde öz janlaryny beren gahrymanlary ýatlap geçdik. Gara deňizimizde howpsuzlyk üçin göreşen adamlara şöhrat" diýip nygtady. 

Gara deňiziň Ukraina suw giňişligindäki Ýylan adasy 2022-nji ýylyň fewral aýynda ruslaryň gözegçiligine geçipdi, ada şol ýylyň iýun aýynda Ukrainanyň goşuny tarapyndan azat edilipdi. 



Degişli Habarlar