Wengriýa Türkiyäniň Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen bagly kararlaryny goldar

Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýýarto Şwesiýanyň NATO agzalygy babatyndaky Türkiyäniň kararlaryny goldajakdyklaryny habar berdi

2007350
Wengriýa Türkiyäniň Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen bagly kararlaryny goldar

EuroWeekly News tarapyndan berilen habara görä Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýýarto Facebook hasabyndan beren beýanatynda, Wengriýanyň Türkiye bilen aragatnaşyk içindediklerini mälim etdi. 

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň NATO agzalygy babatynda öňümizdäki günlerde Şwesiýa bilen aragatnaşyga geçjekdigini aýdan Peter Siýýarto, kärdeşi Hakan Fidan bilen şol mesele bilen bagly geňeşmeler geçirendigini aýan etdi. 

Peter Siýýarto Ankara bilen dowamly häsýetde aragatnaşykda boljakdyklaryny belläp, Türkiyäniň Şwesiýanyň alýansa agzalygy bilen bagly çemeleşmesi üýtgän halatynda Wengriýanyň hiç bir ýurduň NATO agzalygyna böwet bolmajakdygyny beýan etdi. 

Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan soň Finlýandiýanyň goňşysy bolan Şwesiýa, onlarça ýyllyk harby bitaraplyk syýasatyny bes edip, 2022-nji ýylyň 18-nji maýynda NATO agza bolmak üçin ýüz tutupdy. 

Finlýandiýa şu ýylyň 4-nji aprelinde NATO-nyň 31-nji agzasy bolan bolsa, Türkiye we Wengriýa Şwesiýanyň agzalygyny entek tassyklamadylar. 



Degişli Habarlar