Dünýä 3-nji Iýulda İň Yssy Güni Başdan Geçirdi

Global ortaça ýylylyk 3-nji iýulda 17,01 gradus bilen 2016-njy ýylyň awgust aýyndaky rekord ýylylyk bolan 16,9 gradusdan geçdi.

2007112
Dünýä 3-nji Iýulda İň Yssy Güni Başdan Geçirdi

Adamlar sebäpli ýüze çykan howanyň üýtgemegi netijesinde emele gelen aşa yssy howa tolkunlarynyň bütin dünýäde görülýän döwründe, 3-nji iýul ähli döwürleriň iň yssy güni boldy.

Soňky hepdelerde ABŞ yssy howa tolkunlarynyň täsirinde galan bolsa, Hytaý 35 gradusdan geçen jöwzaly yssy bilen göreşýär. Hindistanda aşa yssy howa 150 adamyň pida bolmagyna sebäp boldy.

Eýranyň resmi habarlar gullugy “IRNA-nyň” mälim etmegine gröä Zehek we Hirmend şäherlerinde ýylylyk 50 gradus ýetdi.

Bütindünýä Meteorologiýa guramasy düýn El Nino şerleriniň başlandygyny habar berdi. El Ninonuň global ýylylyk artyşynyň depginini güýçlendirjekdigini beýan eden gurama, dünýäniň dürli sebitlerinde howa şertleriniň üýtgejekdigini, adamlar üçin öňünden habar beriş ulgamlarynyň möhümdigini habar berdi.



Degişli Habarlar