Indoneziýada we Peruda ýer titremeler boldy

Indoneziýanyň Günbatar Papua ştatynda 5,4 bal ululygynda ýer titreme boldy

2006105
Indoneziýada we Peruda ýer titremeler boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi 5,4 bal ululygyndaky ýer titremäniň güýç merkeziniň Abepura sebitiniň 135 km günorta-günbatarydygyny habar berdi. 

Ýeriň 13 km aşagynda emele gelen ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä adam pidasy çekilmedi. 

Indoneziýanyň Meteorologiýa, klimat we geofizika edarasy bolsa ýer titremäniň ululygynyň 6,4 bal bolandygyny habar berdi. 

 

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Peru döwletinde hem 5,1 bal ululygynda ýer titreme boldy. 

Perunyň Geofizika instituty güýç merkeziniň ýurduň Karaweli ştatynyň Atiko şäheri bolan 5,1 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýerli wagt bilen sagat 20:25-de we ýeriň 41 km aşagynda emele gelendigini mälim etdi. 

Resmiler ýer titremede adam ýitgileriniň çekilendigi barada maglumatyň berilmändigini bellediler. 

Ýer titreme ýurduň paýtagty Lima bilen birlikde ençeme şäherde duýuldy. 



Degişli Habarlar