Ukrainanyň Prezidenti Ispaniýanyň Premýer ministri bilen duşuşyk geçirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Russiýa garşy 12-nji sanksiýa bukjasy bilen bagly işlerine eýýäm şu wagtda başlamalydygyny belledi

2005881
Ukrainanyň Prezidenti Ispaniýanyň Premýer ministri bilen duşuşyk geçirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý sapar bilen Ukrainanyň paýtagyty Kiýewe baran Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes bilen duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen gepleşiklerden soň taraplar umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Wladimir Zelenskiý Russiýanyň Zaporojýe ýadro desgasynda radiasiýa syzmagyna sebäp bolup biljek ýerli partlamalary amala aşyrmaga tehniki taýdan taýýardygyny öňe sürdi.

Desganyň Ukrainanyň gözegçiligine geçmelidigi baradaky meseläni hyzmatdaşlary bilen jikme-jik ýagdaýda maslahatlaşandygyny aýdan Zelenskiý, ondan ozal Halkara Atom energiýa agentliginiň işe girişmelidigini habar berdi. 

Zelenskiý, Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes bilen geçiren duşuşygynda Russiýa garşy sanksiýa meselesini ele alandyklaryny belläp: "ÝB Russiýa garşy 12-nji sanksiýa bukjasy bilen bagly işlerine eýýäm şu wagtda başlamalydyr" diýip nygtady. 

Sançes bolsa Ispaniýanyň ÝB Geňeşiniň döwürleýin başlyklygyny düýn öz üstüne alandygyny ýatladyp: "Öňümizdäki birnäçe aýyň dowamynda ÝB-niň geljegi taýdan möhüm bolan meselelerde öňe gidişlikler ederis. Elbetde Ukraina ähli jedelleşiklerimiziň merkezinde bolar" diýip aýtdy. 

Sançes Ispaniýanyň ýakyn wagtda Ukraina 4 Leopard tank başda bolmak bilen harby enjam we göçme hassahana berjekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar