Pakistanda polisiýa merkezine bombaly hüjüm guraldy

Pakistanyň Belujystan welaýatynda polisiýa merkezine granat bilen guralan hüjümde 1 polisiýa işgäri ýaralandy

2005771
Pakistanda polisiýa merkezine bombaly hüjüm guraldy

Geo News telewideniýe kanalynda berilýän habara görä, Belujystan welaýatynyň Kwetta şäherinde bir polisiýa merkezine şahsyýeti entek anyklanmadyk motosiklli adamlar tarapyndan granat bilen hüjüm guraldy. 

Bombaly hüjümde 1 polisiýa işgäri ýaralandy, polisiýa merkezinde ýangyn boldy. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar