Şweýsariýada howa menziliniň işgärleri iş taşlaýyş yglan etdiler

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde howa menziliniň işgärleriniň iş taşlaýyş yglan etmegi netijesinde onlarça uçar gatnawy goý bolsun edildi

2005715
Şweýsariýada howa menziliniň işgärleri iş taşlaýyş yglan etdiler

Swissinfo tarapyndan berilen habara görä, ýurduň iň gelim-gidimli 2-nji howa menzili bolan Ženewa howa menzilinde pasport gözegçiligini amala aşyrýan işgärlerden we howpsuzlyk gullukçylaryndan ybarat takmynan 1000 adam iş taşlaýyş yglan etdiler. 

Howa menziliniň dolanşygy bilen Döwlet hyzmatlar bileleşigi kärdeşler arkalaşygynyň arasynda işgärleriň aýlyklarynyň artdyrylmagy bilen bagly gepleşiklerde ylalaşyga gelinmändigi sebäpli düýn ýerli wagt bilen sagat 04:00-da başladylan iş taşlaýyşyň möhlediniň şu güne çenli uzadylmagy barada karara gelindi. 

Howa menziliniň dolanşygy goý bolsun edilen uçar gatnawlaryň 8 müň ýolagça täsir ýetirendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar