Misotakis: "Bosgun meselesi üçin ÝB Türkiyä kömek berip biler" diýdi

Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis bosgun meselesine garşy göreş üçin Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkiyä täze ykdysady kömek berip biljekdigini beýan etdi

2005665
Misotakis: "Bosgun meselesi üçin ÝB Türkiyä kömek berip biler" diýdi

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen ÝB Liderler sammitinden soň metbugata beýannama beren Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis, Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen şu aý NATO sammitiniň çäginde Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde duşuşyk geçirjekdigini belläp, şol duşuşykda Türkiye-ÝB gatnaşyklarynyň çarçuwasyny täze esasda ýola goýmaga umyt edýändiklerini mälim etdi.

Kirýakos Misotakis soňky wagtlarda bosgunlary daşaýan gaýyklaryň ýola çykmadan ozal öňüniň alynmagy meselesinde türk resmiler bilen has gowy hyzmatdaşlyk etmäge başlandyklaryna ünsleri çekip: "Türkiyäniň bosgun meselesine garşy göreşde ýaran bolmagynyň zerurdygyny ençeme gezek belläp geçdim. Beýleki tarapdan ÝB Türkiyäni goldamak üçin köp mukdarda ýewro berdi we ondan has hem köp berip biler. ÝB-niň ýyllyk býujetiniň düzgünleşdirilmeginde Türkiyäniň geljekde goldanmagy üçin goşmaça bir madda bolup biler" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar