Indoneziýada ýer titreme boldy

Indoneziýanyň Ýawa adasynda bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titremede 1 adam ýogaldy

2005717
Indoneziýada ýer titreme boldy

Indoneziýanyň Meteorologiýa, klimat we geofizika agentligi tarapyndan berilen beýanata görä, Ýawa adasynda ýerli wagt bilen sagat 19:58-de 6,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy. 

Ýer titremäniň ýeriň 25 km aşagynda emele gelendigi, güýç merkeziniň bolsa Ýogýakarta awtonom dolanşygynyň Bantul şäherçesiniň suw giňişligidigi mälim edildi. 

Ýogýakarta zolagy we Orta Ýawa ştatynda onlarça öýe, iş ýerlerine, saglygy goraýyş we bilim edaralaryna kiçiräk görnüşli zeper ýetdi. 

Ýer titremede 1 adamyň ýogalandygy, 9 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi. Ýer titremeden soň sunami duýduryşy berilmedi. 



Degişli Habarlar