Meksikada 14 polisiýa işgäri zamun alyndy

Meksikanyň günortasynda ýerleşýän Çýapas ştatynda ýaragly topar, gidip barýan awtobusyň öňüni kesip, içindäki 14 polisiýa işgärini zamun aldy

2005265
Meksikada 14 polisiýa işgäri zamun alyndy

Awtobusda aralarynda 9 zenanyň hem bolan jemi 23 polisiýa işgäriniň bolandygy bellenip, ýaragly adamlaryň zenan polisiýa işgärlerini bolsa azat edendigi mälim edildi. 

Çýapas ştatynyň Howpsuzlyk we raýatlary goramak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, zamun alynan polisiýa işgärleriniň azat edilmegi üçin federal güýçler bilen hyzmatdaşlykda operasiýa başladylandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar