Çilide Sil Apaty Sebäpli 2 Adam Ýogaldy

Ýüzlerçe adama uly zeper ýetiren sil sebäpli 419 adma öýüsz galdy, 1002 adam hem howpsuz ýerlere göçürildi.

2004235
Çilide Sil Apaty Sebäpli 2 Adam Ýogaldy

 

Çilide 22-nji iýundan bäri dowam edýän ýagyşlar bilen gelen sil apaty sebäpli 2 adam ýogaldy, 3 adam dereksiz ýitdi.

Ýurduň merkezi sebitlerinde täsirli bolan ýagyşlar derýalaryň daşmagyna we ýollaryň ýapylmagyna sebäp boldy

 Ýüzlerçe adama uly zeper ýetiren sil sebäpli 419 adma öýsüz galdy, 1002 adam hem howpsuz ýerlere göçürildi.

Ýerli ýolbaşçylar bilen sil apatynyň başdan geçirlen sebitine baran Prezident Gabriel Boriç, “Gynansakda agaçlaryň aşagynda galan iki raýatymyz ýogaldy. Dereksiz ýiten 3 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär. Apatda 419 adam öýsüz galdy, 1002 adam başga ýere göçürildi”diýip belledi.

Sil apatynyň başdan geçirlen sebitlerinde adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar