“Wladimir Putin Kremlde Öz Işini Dowam Etdirýär”

Peskow, Putiniň paýtagt Moskwany terk edendigi hakynda öňe sürülýän garaýyşlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.

2003998
“Wladimir Putin Kremlde Öz Işini Dowam Etdirýär”

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň paýtagt Moskwany terk edendigi hakynda öňe sürülýän garaýyşlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.

Rus hakyna tutma howpsuzlyk firmasy Wagneriň Rostow şäherinde başladan pitnesinden soň Moskwa tarapdan gelýändigi sebäpli sosial mediadan Putiniň Kremli terk edendigi we San Peterburg şäherine gidendigi öňe sürüldi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow bolsa öňe sürülýän garaýyşlaryň asylsyzdygyny beýan etdi we “Döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Kremlde öz işini dowam etdirýär” diýdi.



Degişli Habarlar