Dünýä Ýurtlary, Russiýa Bilen Wagneriň Arasyndaky Dartgynlyk Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar

“Russiýada başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys we degişli çäreler görüldi"

2003907
Dünýä Ýurtlary, Russiýa Bilen Wagneriň Arasyndaky Dartgynlyk Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar

ABŞ, Russiýa bilen rus howpsuzlyk firmasy Wagneriň arasynda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Hodge, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýguýa garşy duran Wagneriň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožiniň “ýaragly toparynyň Ukraina serhedini geçip Russiýa girendigini” öňe sürmegi barada beýannama berdi.

Hodge, “Wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Prezident Jo Baýdene mesele hakynda magllumat berildi” diýdi.

Polşanyň Prezidenti Andrež Duda hem, Russiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda egindeşleri bilen pikir alyşandyklaryny nygtap, “Gündogar serhedimizde başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys” diýdi.

Duda, Twitterden beren habarnamasynda, Russiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hyzmataşlary bilen pikir alyşandyklaryny belledi.

Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niiniste, Wagner toparynyň rus hökümetine garşy herekete geçmeginiň “Russiýanyň içerki meselesidigini” nygtap, Russiýada başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Prezident Putiniň çykyşy ýagdaýyň çynlakaýdygyny görkezýär” diýdi.

Latwiýanyň Daşary işler ministri Edgars Rinkewiç hem “Russiýada başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys we degişli çäreler görüldi” diýildi.

Rus howpsuzlyk firmasy Wagneriň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožin, harby merkezlerine rus goşuny tarapyndan hüjüm edilendigini we hüjüme degişli gaýtawuly görkezmek üçin herekete geçendiklerini aýdypdy.

Wagneriň herekete geçmegi sebäpli Federal Howpsuzlyk gullugy “ýaragly pitne turuzandyklary” sebäpli iş gozgapdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa “Wagneriň” düşelgelerine hüjüm guralandygy hakyndaky günäkärlemeleriň hakykaty beýan etmeýändgini habar beripdi.


Etiketkalar: #Latwiýa , #ABŞ , #Wagner , #Russiýa

Degişli Habarlar