Blinken G7-ä Girýän Ýurtlaryň we ÝB-niň Agzalarynyň Wekilleri Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken G7-ä girýän ýurtlaryň we ÝB-ne agza döwletleriň wekilleri bilen duşuşdy.

2002983
Blinken G7-ä Girýän Ýurtlaryň we ÝB-niň Agzalarynyň Wekilleri Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygyndan berilen ýazmaça beýannamada Blinkeniň duşuşygy Ukraina goldaw maslahatynyň guralan ýeri bolan Londonda geçirendigi habar berildi.

Beýannamada Blinkeniň Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Britaniýanyň we ÝB-niň wekilleri geçiren duşuşygynda taraplaryň “Russiýanyň wagşy söweşine garşy Ukraina goldaw bermegiň ähmiýetini” nygtandygy habar bellenilýär.

Beýannamada, Blinkeniň duşuşykda geçen hepde Hytaýa guran sapary hakynda-da maglumat berendigi nygtalyp; “G7, Hytaý bilen bagly utgaşyklygyň ähmiýetine üns çekip, arkalaşygyň dowam edýändigini ýenede bir gezek tassyklady” diýilýär.



Degişli Habarlar