Grinfild: "Bosgunlaryň rekord derejede artmagynyň jogapkäri Russiýa" diýdi

ABŞ-nyň BMG-daky hemişelik wekili Linda Tomas Grinfild, Ukrainadaky söweş sebäpli bosgunlaryň sanynyň rekord derejede artmagynyň jogapkäriniň Russiýadygyny beýan etdi

2002568
Grinfild: "Bosgunlaryň rekord derejede artmagynyň jogapkäri Russiýa" diýdi

Bütindünýä Bosgunlar güni mynasybetli beýannama beren Linda Tomas Grinfild, Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitinde ruslar tarapyndan gözegçilik edilýän Kahowka suw howdanynyň we gidroelektrik desgasynyň 6-njy iýunda bombalanmagyndan soň başdan geçirilen suw joşmalary sebäpli ençeme adamyň gyssagly kömege mätäçdigini habar berdi. 

Linda Tomas Grinfild: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Ukrainada başladan adalatsyz söweşi, bosgunlaryň sanynyň rekord derejede artmagynyň esasy jogapkäridir" diýip nygtady. 

Grinfild dünýäniň ozal görülip-eşidilmedik derejede global krizise sezewardygyna ünsleri çekdi. 

Grinfild hiç bir ýurduň ýeke başyna ýaşaýan ýerlerinden göçen millionlarça adama çözgüt tapyp bilmejekdigini, onuň global derejedäki hyzmatdaşlyk bilen mümkin bolup biljekdigini habar berdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #Russiýa , #bosgun

Degişli Habarlar