Gresiýadaky gämi pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Gresiýanyň suw giňişliginde geçen hepde başdan geçirilen gämi pajygasynda ýogalan bosgunlaryň sany 82 adama ýetdi

2002371
Gresiýadaky gämi pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Gresiýanyň Döwlet habarlar agentligi AMNA tarapyndan berilen beýanata görä, Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy Nawariniň 47 deňiz mil günorta-günbatarynda ýene-de bir adamyň jesedi tapyldy. 

Kazyýet-lukmançylyk derňewi üçin Kalamata alynyp gidilen adam bilen birlikde ýogalanlaryň sany 82 adama ýetdi. 

Bikanun immigrantlary daşaýan gäminiň batmagy netijesinde migrantlaryň bikanun ýagdaýda getirilmegi aýyplamasy bilen göz tussaglygyna alynan 9 müsürliniň soraga çekmek tapgyry tamam boldy. Şübhe astyndaky müsürliler özleriniň günäsiniň ýokdugyny beýan etdiler. 

Göz tussaglygyna alynanlaryň biri bolsa beýleki 4 müsürliniň bikanun bosgun kontranbandasyny edýändigini öňe sürdi. 

Gresiýanyň Mora ýarymadasynda ýerleşýän Nawarindan 47 deňiz mil alysdaky halkara suw giňişliginde 14-nji iýunda bikanun bosgunlary daşaýan gämi batypdy. 

Gämidäki 104 adam halas edilip, Kalamata portyna alynyp gidilipdi, wakadan soň geçirilen gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde 81 adamyň jesedi tapylypdy. 

Alarm Phone atly raýat jemgyýetçilik guramasynyň berýän maglumatyna görä gämide takmynan 700 adam bardy. 


Etiketkalar: #bosgun , #gämi , #Gresiýa

Degişli Habarlar