Gondurasda Tussaghanada Bolan Çaknyşykda 41 Zenan Tussagly Ýogaldy

Başdan geçirlen wakalarda 25 zenan oda berildi, 16 zenan bolsa ýarag bilen öldürildi.

2002514
Gondurasda Tussaghanada Bolan Çaknyşykda 41 Zenan Tussagly Ýogaldy

Merkezi Amerikada ýerleşýän Gondurasda zenanlar tussaghanasynda bolan dartgynlykda ilkinji kesgitlemelere görä 41 zenan tussagly ýogaldy.

Gondurasyň Tamara şäherçesinde zenanlar tussaghanasynda çaknyşyk boldy.

Başdan geçirlen wakalarda 25 zenan oda berildi, 16 zenan bolsa ýarag bilen öldürildi.

Iki toparyň arasynda bolan dartgynlyk sebäpli tussaghana goşmaça howpsuzlyk güýçleri ornaşdyryldy.

Howpsuzlyk ministriniň orunbasary Willanuewa, Twitterden beren habarnamasynda, tussaghanada “adatdan daşary ýagdaý” dolanşygynyň yglan edilendigini we degişli çäreleriň görlendigini belledi.


Etiketkalar: #zenan , #tussaghana , #Gonduras

Degişli Habarlar