Meksikada ýük ulagynda 129 bosgun tapyldy

Meksikanyň Werakrus ştatynda kontrabandaçylar tarapyndan aldanan we ýük ulagynda saklanan 129 bosgun anyklandy

2001339
Meksikada ýük ulagynda 129 bosgun tapyldy

Meksikanyň metbugatynda berilen habarlara görä, San Isidro şäherçesinde adaty gözegçilik işlerini geçiren polisiýa gullugynyň işgärleri, ýük ulagynda daşalan bosgunlary tapdylar. 

Gwatemala, Gonduras, Salwador we Hindistan ýaly ýurtlaryň raýatlarydygy anyklanan 129 bosgun, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gorag astyna alyndy. 

Bosgunlaryň arasynda 19 ene-atasyz çaganyň hem bardygy we olaryň bolsa Döwlet çagalary we ýetginjekleri goramak prokuraturasyna gönükdirilendigi habar berildi. 

Polisiýa gullugy kontrabandaçylar bilen hyzmatdaşlyk edendikleri sebäpli 4 adamy göz tussaglygyna aldy. 


Etiketkalar: #kontrabanda , #bosgun , #Meksika

Degişli Habarlar