ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hytaýa Bardy

Hytaýyň Daşary işler ministri, ABŞ bilen özara bähbide laýyklykda durnukly gatnaşyk etmek isleýändiklerini nygtady.

2001279
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hytaýa Bardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Hytaýa guran resmi saparynyň çäginde düýn Daşary işler ministri Gang bilen duşuşdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, ministr Gang, duşuşykda Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine laýyklykda ösdürilmelidigini belledi.

Hytaýyň Daşary işler ministri Gang, ABŞ bilen özara bähbide laýyklykda durnukly gatnaşyk etmek isleýändiklerini nygtady.

Hytaýly ministr, taraplaryň, ABŞ-nyň we Hytaýyň liderleriniň Balide duşuşmak meselesinde umuman alnanda ylalaşyk gazanylandygyna, gatnaşyklaryň durnukly ýagdaýda kadalaşmagy üçin tagalla edilmelidigine ünsi çekdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada bolsa, Entoni Blinkeniň duşuşukda ýakyndan aragatnaşyk saklamagyň we diplomatiýanyň ähmiýetine ünsi çekendigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar