Ermenistanda Zenanlar Meýletin Watan Gullugyna Kabul Ediler

Ermenistanda zenanlaryň meýletinlik esasynda watan gullugyna alynmagy hakynda kanun Milli Mejlisde tassyklandy.

2000710
Ermenistanda Zenanlar Meýletin Watan Gullugyna Kabul Ediler

Ermenistanyň resmi habarlar gullugy “Armenpressiň” mälim etmegine görä Ermenistan Respublikasynyň “Esgerik gullugy we esgeriň hukuk derejesi hakyndaky” kanunda, zenanlaryň meýletinlik esasynda watan gullugyna gitmegi boýunça üýtgetme sesleriň köplügi bilen kabul edildi.

Şuňa laýyklykda zenanlar üçin meýletinlige esaslanýan watan gullugy ulgamy döredildi. Kanuna görä 18-27 ýaş aralygyndaky Ermenistan Respublikasynyň raýaty bolan zenanlar watan gullugy üçin ýüz tutup bilerler.  Olaryň gulluk möhleti 6 aý bolar.

Kanuna laýyklykda 6 aý watan gullugy tamamlan Zenanlara 1 million dram töleg tölener.

Kanun Ermenistanyň Prezidentiniň tassyklamagyndan soň güýje girer.

Ermenistanda 18-27 ýaş aralygyndaky erkekler 2 ýyl möhlet bilen watan gullugyny berjaý etmäge borçly. Ýurtda her ýylyň tomus we bahar döwründe 2 gezek watan gullugyna kabul edilýär.  

 



Degişli Habarlar