Fransiýada pyçakly hüjüm guraldy

Fransiýanyň Ansi şäherinde guralan pyçakly hüjümde 8-i çaga jemi 9 adam ýaralandy

1997193
Fransiýada pyçakly hüjüm guraldy

Fransiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, Ansi şäherinde bir adam seýilgähde oturan adamlara pyçak bilen hüjüm gurady. 

Wakada 8-i çaga jemi 9 adam ýaralandy. Polisiýa gullugynyň işgärleri wakadan soň hüjümçini göz tussaglygyna aldy, ýaralanan adamlaryň 3-siniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy mälim edildi.  

Prezident Emmanuel Makron Twitterden hüjüm bilen bagly beýannama berdi. 

Hüjüm bilen baglanşykly "Millet şokda" diýen Emmanuel Makron, ýaralanan adamlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi. 



Degişli Habarlar