Finlýandiýa 9 Rus Diplomatyny Ýurtdan Çykardy

Finlýandiýanyň hökümeti Russiýanyň Helsinkidäki ilçihanasynda işleýän we milli howpsuzlyk gullukçysy bolan 9 adamyň ýurtdan çykarylmagy hakynda karar kabul etdi.

1996355
Finlýandiýa 9 Rus Diplomatyny Ýurtdan Çykardy

Hökümetden berlen ýazmaça beýannamada, Prezident Sauli Niinistonyn ýolbaşçylygynda geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinde Russiýa-Ukraina söweşi we Ýewropanyň howpsuzlygy meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Beýannamada; “Prezident we ministrler kabineti Kahowda bendiniň ýykylmagyny gumanitar we ekologik betbagtçylyk hökmünde ýazgarýar. Bendiň partlamagy Ukrainada asuda ilata hem-de daşky gurşawa uly zyýan ýetirýän söweşiň başgaça dowam edýändigini aňladýar. Şeýle hem, Russiýanyň Helsinkidäki ilçihanasynda işleýän we milli howpsuzlyk gullukçysy bolandygy beýan edilýän 9 adamyň ýurtan çykarylmagy boýunça ylalaşyldy. Şol adamlaryň alyp barýan işleri “Diplomatik gatnaşyklar hakyndaky Wena şertnamasyna bap gelmeýär. Daşary işler ministrligi mesele boýunça Russiýanyň İlçisine maglumat berer” diýilýär.

Finlýandiýanyň Daşary işler ministrligi hem Twitter hasabyndan beren habarnamasynda Russiýanyň İlçisiniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän diplomatyň ministrlige çagyrylyp, Russiýanyň Finlýandiýadaky İlçihanasynda işleýän we howpsuzlyk gullukçysy hökmünde kesgitlenen 9 adamyň ýurtdan çykarylandygynyň habar berilendigini mälim etdi.

 



Degişli Habarlar