Eýranyň, Saud Arabystanyndaky Ilçihanasy 7 Ýyl Soň Açyldy

Eýranyň Riýatdaky ilçihanasynyň açylyş dabarasyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Ryza Bigdeli hem gatnaşdy.

1996403
Eýranyň, Saud Arabystanyndaky Ilçihanasy 7 Ýyl Soň Açyldy

 

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Eýranyň Riýatdaky ilçihanasynyň açylyş dabarasyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Ryza Bigdeli hem gatnaşdy.

Saud Arabystanynda 2016-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda şaýy din adamy Nimr en Nimri bilen birlikde 47 adam “terror” günäkärlemesi bilen asylyp öldürlipdi.

Waka garşylyk görkezen eýranly ýolbaşçylaryň yzly yzyna beren beýannamalaryndan soň Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasy bilen Maşad şäherindäki konsullygy, Eýrandaky protestçylar tarapyndan oda berlipdi.

Hüjümler sebäpli Saud Arabystany, 3-nji ýanwarda Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes edendigini mälim edipdi.

Saud Arabystany bilen Tähran 7 ýyl soň 10-njy martda Pekinde hytaýly ýolbaşçylaryň töwellaçylyk etmeginde diplomatik gatnaşyklaryň iki aýyň içinde ýaňadandan başlamagy boýunça ylalaşyk gazanypdy.

Eýran, 23-nji maýda Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Ryza Enaýetini Saud Arabystanya ilçi hökmünde belläpdi.

 



Degişli Habarlar