Eýranyň Ýardro Ýaragyny Edinmegine Ýol Bermeris

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol bermejekdiklerini aýtdy.

1995754
Eýranyň Ýardro Ýaragyny Edinmegine Ýol Bermeris

Blinken Waşingtonda geçirilen Ysraýylyň jemgyýetçilik gatnaşyklar komitetiniň 2023 Daşary syýasat sammitinde çykyş etdi.

Ysraýyl bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýaranlygyň durmuşyň ähli uğurlarynda ösendigine ünsi çeken Blinken, hökümetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklaryn arasyndaky gatnaşyklar bilen güýçlenendigini beýan etdi.

Blinken ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylyk edýän hökümetiniň özara gatnaşyklary hasam ösdürmek üçin iş alyp barýandygyny nygtap; “Ysraýyl-ABŞ gatnaşyklary, ABŞ-nyň Ysraýylyň howpsuzlygyna berýän ähmiýeti bilen kepillendirildi. Şol ähmiýet geňeşmelere ýapykdyr” diýdi.

ABŞ-nyň Ysraýyla harby we maliýe kömegini berýändigini, iki ýurduň bilelikde harby türgenleşik we ylmy-barlag hem-de kämilleşdiriş işlerini alyp barýandygyny beýan eden Blinken; “Ysraýyl güýçli boldugy saýyn Amerika hasam howpsuz bolar” diýdi.

Blinken Ysraýylyň kanunylygyny derňeýän başlangyçlara garşy hem göreşýändiklerini we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi we Adam hukuklary geňeşi ýaly forumlarda Ysraýyly ýalňyzlaşdyrma hem-de nyşana alma tagallalaryna garşy durýandyklaryny nygtady.

Ysraýylyň ençeme howpy başdan geçirýändigini nygtan Blinken; “Emma Ysraýylyň başdan geçirýän iň uly howpy Eýrandyr” diýdi.

Blinken Russiýanyň hem Eýrana ýarag goldawyny berýändigini beýan edip; “Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine ýol bermeris” diýdi.

Döwlet sekretary Blinken iki döwletli çözgüdiň Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda gönüden geňeşmeler bilen gazanylyp bilinjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar